Diabetiki retinopatiýada gözüň torly gatlagynyň pigment epiteliýasynyň häsiýetnamasy

9 Dekabr 2021
1308

Diabetiki retinopatiýa (DRP) görüş agzasynyň agyr keseli hasaplanylýar, ol görşüň peselmeginiň we körlügiň esasy sebäpleriniň biri bolmak bilen, süýjüli diabetiň (SD) giçki mikrodamar gaýraüzülmelerine degişlidir. DRP-nyň patogeneziniň molekulýar derejede öwrenilmegi, şeýle hem irki anyklaýyş we bejeriş usullarynyň işlenip taýýarlanylmagy oftalmologiýanyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. SD-de gözüň zeperlenmeginiň netijesinde hroniki giperglikemiýa, glýukozanyň metabolizminiň poliol ýoly bilen şuntirlenmegi, DRP-nyň kliniki ýüze çykmalaryndan öňki gematoretinal böwediň (GRB) funksiýasynyň bozulmagy bolýar.

Mälim bolşy ýaly, GRB gan damarlardan retinanyň dokumasyna iri molekulalaryň aralaşmagyna ýol bermeýän gematooftalmiki böwediň bölegidir. Onuň düzüminde içki we daşky böwetleri tapawutlandyrýarlar. Içki böwet retinanyň damarlarynyň ykjam galtaşan endotelial öýjüklerinden emele gelýär, daşky bolsa damar bardasynyň horiokapillýarlary bilen fotoreseptorlaryň arasynda araçy bolmak bilen retinanyň pigment epiteliýasyndan (RPE) we Bruhyň membranasyndan (BM) emele gelýär.

Aýjemal ORAZALYÝEWA, Jahan LAMANOWA, Gülbahar MUHAMMETMYRADOWA, Jahan DÖWLETOWA
M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň Ylmy-barlag merkezi, patologik anatomiýa kafedrasy, Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi
Beýleki habarlar