Injik süňkleriniň açyk döwükleri uzak möhletli bejergini talap edýändigi we olaryň 2%-i näsaglary maýyplyga getirýänligi üçin trawmatologiýanyň we ortopediýanyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar [3, 5, 9, 10]. Bu patologiýa, esasan, diafiziň orta we orta aşaky böleklerinde, ýol-ulag hadysalaryň netijesinde gabat gelip, köplenç, açyk döwüklerde emele gelen ýara toprak we beýleki del jisimler bilen hapalanýar. Ýumşak dokumalar süňkden aýrylyp, süňkleriň gan üpjünçiligi bozulanda alawlama süňk kanalyna ýaýrap, osteomiýelit we soňlugy bilen nekrozlaşan sekwestrleri emele getirip, süňküň uly ýetmezçilikleriniň (defektleriň) döremegine sebäp bolýar. Şikesleriň 30%-i injik süňkleriň döwüklerine degişlidir. Olaryň 2%-i uly meýdanly açyk döwükler bolup, iriňli gaýraüzülmelere getirýärler. Injik süňkleriniň gaýraüzülen döwükleri näsaglaryň maýyplygyna getirýän sebäpleriň biridir [2, 6, 7].
Iriňlän açyk döwükleriň bejergi möhleti uzaga çekýär we ol, köplenç, süňk regenerasiýasyna ýaramaz täsir edip, süňkleriň haýal bitmekligine ýa-da ýalan bognuň döremegine sebäp bolýar [1, 2, 4, 8, 10].