Damarlaryň ateroskleroz zeperlenmelerinde sitokinleriň orny

9 Dekabr 2021
1159

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ynsan saglygyny döwlet syýasatynyň esasy sütünleriniň birine öwren hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy döwrüň talabyna laýyk ösdürilýär, ýokary lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyrylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalar, anyklaýyş merkezleri halkymyza hyzmat edýär, çünki saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak täze tehnologiýalary amaly lukmançylyga ornaşdyrmak bilen gönüden-göni baglydyr [1].

Häzirki wagtda dünýäniň ilatynyň keselçiliginiň we ölümçiligniň esasy sebäbi ýürek-damar keselleri (ÝDK) bolmagynda galýar. ÝDK-nyň düzüminde uly ýaşly ilatyň ölümçiliginiň baş sebäbi bolan ýüregiň işemiýa keseli (ÝIK) aýratyn orun tutýar [2]. Şeýle bolsa-da, keseliň patogeneziniň esasynda ýatýan ateroskleroz (AS) hadysasynyň döremeginiň sebäpleri häzirki wagta çenli doly anyklanylman galýar. Hususan-da, keseliň döremeginde holesteriniň (HS) orny doly tassyklanylmadyk, sebäbi AS hadysasy HS kadaly ýa-da ondan hem pes derejede saklanýan näsaglarda hem ýüze çykýar [3]. Arterial gipertoniýa, süýjüli diabet, çilimkeşlik, semizlik, gipodinamiýa we nesil yzarlaýjylyk ýaly töwekgelçilik şertleri bilen AS-yň döremeginiň diňe 50% halatlaryny baglanyşdyrmak bolýar [4].

Mämmetberdi ELÝASOW
Türkmenistanyň ylymlar akademiýasy
Beýleki habarlar