Gyrgyn – bu tebigy ojakly, aýratyn howply bakterial ýokançly zoonoz keseldir. Gyrgyn keseliniň (Yersinia Pestis) tebigy ojaklary Afrika, Amerika, Aziýa we Ýewropa sebitlerinde bellige alnandyr. Ýewraziýa sebitiniň çäklerinde, Sibirde, Kawkazda, Hazar deňziniň sebitlerinde, Merkezi Aziýada gyrgyn keseliniň awtonom ojaklarynyň 42 sanysy hasaba alnan. Türkmenistanda 5 sany gyrgynyň awtonom tebigy ojagy hasaba alnandyr: Garagum, Köpetdag, Gyzylgum, Üstýurt, Mangyşlak. Şolardan Garagum awtonom tebigy ojagynda häzirki wagt güýçli antropurgiki üýtgeşmeler amala aşyrylýar. Onuň netijesinde, gemrijileriň arealy kiçelýär, adamlar bilen gemrijileriň arasynda ýakyn galtaşyklar ýygy-ýygydan bolup geçýär. Gyrgyn keselini tebigy şertlerde göteriji hökmünde 235-den hem köpräk ownuk gemrijileriň, geçiriji hökmünde bolsa büreleriň 120 görnüşi şu güne çenli bellige alnan. Epizootologiki asuda döwürde enzootiki meýdanlarda keseliň öňüni alyş çäreleriniň ähmiýeti has ulalýar [1, 2, 7].
Sekwenirleme (latynça «sequentum» – yzygiderlilik) DNK-nyň molekulalaryndaky beloklaryň (polipeptidleriň) ýa-da nukleotidleriň yzygiderligini anyklamaga ýardam berýän usullaryň umumy adydyr. Olaryň hemmesi şeýle gurnalan: başda DNK-nyň köp sanly uly bolmadyk bölejik ýerleri taýýarlanylýar (DNK-nyň molekulasy birnäçe esse köpeldilýär we olar duş gelen ýerlerinden «kesilýär»), soňra her bölek aýratynlykda okalýar. Sekwenirlemegiň netijesinde, makromolekulanyň başlangyç gurluşynyň ýüzleý şekillendirilşini monomerleriň ýazmaça yzygiderligi görnüşinde alýarlar. DNK-nyň sekwenirlenýän bölegi 100 jübüt nukleotidlerden başlanýar. DNK-nyň biri-birini ýapýan bölekleriniň sekwenirlenmeginiň netijesinde, genleriň bölekleriniň, bütewi genleriň ýa-da organizmleriň doly genomyny alyp bolýar [3]. Häzirki wagtda gyrgyn keseli molekulýar - genetiki derejede öwrenilip başlandy. Gyrgynyň döredijisiniň tipiki ştammy Y.pestis Soemedang (ATCC 19428) bolup durýar. Y.pestis referent ştammlary hökmünde gündogar CO92 we orta asyr KIM (KIM10) biowary ulanylýar [5, 6].