Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda öz wagtynda anyklaýyş, netijeli öňüni alyş we bejeriş çäreleriniň hasabyna ýürek gan-damar keselleri bilen bagly keselçiligi, maýyplygy azaltmaga aýratyn orun berilýär [1]. Arterial gipertenziýanyň, abdominal semizligiň, dislipidemiýanyň we çetki dokumalaryň insuline rezistentligi netijesinde ýüze çykýan uglewod çalşygynyň bozulmagynyň utgaşmagyny metaboliki sindrom özünde jemleýär. Bu meseleler kliniki tejribede ýyl-ýyldan has uly wajyplyga eýe bolýar, bu bolsa birbada birnäçe sebäpler bilen düşündirilýär [2, 3]. Bir tarapdan, dürli awtorlaryň maglumatlaryna görä, häzirki döwürde metaboliki sindromyň ýygylygy ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň ilatynyň arasynda 20-35%-e ýetýär [4, 6, 7]. Beýleki tarapdan, bu sindrom ateroskleroz bilen baglanyşykly ýürek-damar keselleriniň we olardan bolýan ölümçiligiň we maýyplygyň has ýokary görkezijileri bilen häsiýetlendirilýän gaýraüzülmeleriniň howp faktorlarynyň utgaşmalaryny özünde jemleýär [11, 12, 14]. Soňky onýyllyklaryň dowamynda talyp ýaşlaryň arasynda hem semizligiň depgini has ýokarlandy [8-13].
Häzirki wagtda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hünärmenleri semizlik keselini biziň döwrümiziň täze dowamly «epidemiýasy»diýip ykrar etdiler. Metabolik sindrom az hereketli ýaşaýyş durmuş ýörelgeleriniň we bütin dünýäde giň gerim bilen ýaýraýan semizligiň esasynda döreýän umumy mesele bolup durýar.