Toksikodermiýanyň toplumlaýyn bejergisinde gidrokolonoterapiýanyň ähmiýeti

26 Oktýabr 2021
1369

Häzirki wagtda toksikodermiýa adamlaryň populýasiýasynyň, takmynan, 6%-de duş gelip, deri keselleriniň umumy gurluşynda öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär [2, 5]. Içege endotoksemiýanyň güýçli çeşmesi bolup, toksikodermiýanyň soňraky ösmeginde we progressirlemeginde awtosensibilizasiýanyň emele gelmeginiň kesgitleýji faktorydyr [3, 4, 6, 7].

Bedeni dezintoksikasiýa etmegiň täsirli usullaryndan biri hem gidrokolonoterapiýadyr. Bu usul dürli keselleriň bejergisinde giňden ulanylýar, ýöne toksikodermiýanyň bejergisinde bu usulyň ulanylyşy barada maglumat azsanlydyr.

Rahat NAZAROW, Serdar BAÝRAMMUHAMMEDOW, Kemal GUDRATULLAÝEW, Gözel KEKILOWA, Bahar ORAZOWA, Natalýa REJEBOWA
Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasy, M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň deri we weneriki keseller kafedrasy
Beýleki habarlar