Bilgirjä sowal

29 Maý 2021
2270

— Bilgirje, biz asman hadysalary barada bilmek isleýäris. Näme üçin asman mawy reňkdekä?

— Muňa akyl ýetirmek üçin adamzat ägirt uly ylmy açyşlar etmeli bolupdyr. Asmanyň mawy reňke boýalmagynyň esasy sebäbi Ýer şaryny atmosfera gatlagynyň gurşaýanlygydyr. Aslynda, kosmos giňişligine çykan kosmonawtlara Gün şöhlesi ak reňkde görünýär. Emma şol şöhleler Ýeriň töweregindäki atmosfera gatlagyna aralaşanda, döwülme hadysasyna sezewar bolýar we dürli tarapa syçraýar. Ylmy nazaryýete görä, ak reňkiň düzüminde älemgoşaryň ýedi reňki saklanýar. Reňkleriň iň gysga tolkunlary mawy reňke degişli bolansoň, olar beýleki tolkunlara görä has köp ýaýraýar. Emma bulutly günlerde Gün şöhleleri ýeriň ýüzüne ýetip bilmedik ýagdaýynda dürli ululykdaky ähli tolkunlar asmanda gyradeň ýaýraýar we asman çal ýa-da garamtyl reňkde görünýär.

Beýleki habarlar