Hurma

9 Maý 2021
2133

Hurma agajynyň miwesi bolan hurmalar goýy sary we ýapyk gyrmyzy reňkde bolýar. Tropik we subtropik ýerlerde bitýän, palmalar maşgalasyna degişli bolan hurma agajynyň 17 görnüşi duş gelip, Demirgazyk Afrikada, Liwiýa we Nubiýa çöllükleriniň sähralarynda, şeýle-de Arap ýarymadasynda, Yrakda we Günorta Eýranda köpçülikleýin ýetişdirilýär. Hurma agajy örän uzyn bolýar, onuň sütüniniň boýy uzynlygyna 20-30 metre ýetýär, sütüniň ýokary böleginde ýerleşýän uzynlygy 6 metre ýetýän iri we uzyn ýapraklary bar. Hurmanyň miweleri oktýabr — ýanwar aýlarynda ýygnalýar, diňe şol döwürde hurmanyň ter miwesini tapmak mümkin. Ýylyň galan döwründe hurmanyň guradylan görnüşi giňden ýaýrandyr.

Hurma biziň ýurdumyzda guradylan görnüşinde has bellidir, ol beýleki süýjülikler bilen çaýyň ýanyndan hödür edilýän iýmişleriň biridir. Hurma gandyň ýerini tutup bilýän, peýdaly, süýji tagamlydyr, ony şekere derek dogralan görnüşinde dürli aşlara, miweli işdäaçarlara, süýjülikli tagamlara goşup bolýar, owujydan geçirilen hurmany öý şertlerinde taýýarlanylýan bally kökelerde, kemputlarda ulanmak bolýar.

Nurgözel REJEBOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar