Tebigatyň täsinlikleri

28 Aprel 2021
2023

HER BIRI ÖZ DEREJESINDE TEBIP
Rowaýatlara görä, Isgender Zülkarneýin atlylary bilen uzak ýol söküp, ýaz paslynyň ilkinji günlerinde güneşli Diýarda düşleýär. Şonda togdarylaryň, käkilikleriň, sülgünleriň, bedeneleriň täsin owazy, keýiklerdir gulanlar, dag goçy serkerdäni haýrana goýýar. Tebigatyň gözel görküne melul bolup oturan serkerde: «Bu ýerler gül-pürçüge, bagy-bossanlyga baý. Şeýle tebigatda ýaşaýan adamlaryň hem kalby şu güller ýaly açykdyr, arassadyr. Olar juda sadadyr. Adamlary-ha däl, eýsem tebigatyň baýlygy bolan gül-gülälekleri hem depelemäň, ýabany haýwanlary-da ürküzmäň! Şu ýerden yzymyza dolanalyň!» diýipdir.

Şeýle gözel tebigatyň ösümlik dünýäsinden, derde derman howasyndan dem alýan haýwanat dünýäsi däl, eýsem, ynsanlar hem derdinden saplanýar.

Toplan Jemal AŞYRDURDYÝEWA,
Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri.
Beýleki habarlar