Älem içre adyň belent

13 Ýanwar 2021
2561

Biz hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen Täze, 2021-nji ýyly päk umyt-arzuwlar, belent maksatlar bilen garşy aldyk. Ýylymyzyň şygaryny ýoluna çyrag edinen ildeşlerimiziň her biri häzirki günlerde eziz Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygy bilen durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelere, ata Watanymyzyň abadançylygynyň, il-günümiziň bagtyýarlygynyň bähbidine gönükdirilen asylly işlere saldamly goşant goşmak hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp sowgatlar bilen garşylamak ugrunda täze zähmet üstünliklerine galkynýar.

Öňňin welaýat häkimliginde Täze, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet-sungat we döredijilik işgärleri çykyş edip, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Biz olaryň birnäçesiniň ýürek owazyny ýazga geçirip, okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Beýleki habarlar