Şokolad hakynda öňem kän ýazyldy. Ýöne islegi hiç haçan azalmajak haryt barada ýene-de ýazmaklygy makul hasapladyk. Megerem, şokolady halamaýan adam ýok bolsa gerek. Köp sarp edilýän önümleriň biri bolan bu önümiň önümçiligi ençeme ýyllar bäri, dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Häzirki wagtda Ýer ýüzünde şokolad önümçiligi we üpjünçiligi bilen meşgullanýan ençeme ýurtlar bar. Olaryň biri-de Russiýa Federasiýasydyr.
Konditer önümlerini öndürýän kompaniýalarynyň arasynda esasy üç brendi («Красный Октябрь», «Алёнка», «Бабаевский») bilen dünýä meşhur bolan Russiýa şokolad öndürmekde ýöriteleşendir. Üç brendiň esasysy hasaplanylýan «Бабаевский» haryt nyşanly önümler gara şokoladlary bilen tanymaldyr. Moskwanyň Krasnoselskiý etrabynda ýerleşýän «Бабаевский» konditer önümleri konserni (Кондитерский концерн Бабаевский) ýurtda konditer önümlerini öndürýän iň gadymy kärhanalaryň biridir.