Bitaraplyk we sport — parahatçylygyň ilçisi

15 sagat öň
14

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024

Türk­me­nis­tan sport­da uly ne­ti­je­le­ri gör­kez­ýär. Bu babat­da BMG-niň ÝU­NES­KO-nyň Sport bö­lü­mi bi­len hyz­mat­daş­lyk­lar ýo­la go­ýul­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hatsö­ýü­ji­lik, dost-do­gan­lyk ýö­rel­ge­le­ri­niň hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­my­za berk or­na­ma­gy, türk­men spor­tu­nyň Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe bol­ma­gy, bu­la­ryň ara­syn­da­ky ara­bag­lany­şy­gy gör­kez­ýär. Bi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myz dost-do­gan­ly­gyň, yna­nyş­ma­gyň, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň we yn­san­per­wer­li­ge esas­lan­ýan «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­na eýer­mek bi­len tap­gyr­la­ýyn esas­da iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Şeý­le hem Türk­me­nis­tanyň 2 ge­zek he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ni al­ma­gy ha­sam bel­lär­lik­li­dir. Bi­ta­rap­lyk ýyl­la­ry için­de ýur­du­my­zyň sport ul­ga­myn­da ýe­ten sep­git­le­ri dün­ýä­dä­ki or­nu­ny, onuň hoş­ni­ýet­lilik gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gy­na ýar­dam ber­di. Türk­men spor­ty — dost-do­gan­ly­gyň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li­dir. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­rip iri, hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­ýän me­ka­ny­na öw­rül­di. Mu­ňa şa­ýat­lyk hök­mün­de 2017-nji ýyl­da ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len V Azi­ýa oýun­la­ry, Amul-Ha­zar 2018, şol ýyl­da Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty, Ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty we beý­leki dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki ge­çi­ri­len ýa­ryş­la­ry buý­sanç bi­len bel­le­me­li­di­ris. Bu bol­sa dost-do­gan­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da, olar bi­len tej­ri­be alyş­mak­ly­ga ýol aç­ýar.

Abdylla ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar