«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024
Sportuň iň täsin we gyzykly görnüşleriniň biri hem tennisdir. Onuň saglyga peýdaly taraplary diýseň kändir. Sportuň bu görnüşi türgene öz täsirini ýetirip, elmydama şähdaçyk edýär. Fiziki işjeňlikden başga-da, tennis logikany öwredýär. Şonuň üçin «Tennis nämäni ösdürýär?» diýen soraga myşsa toparlaryny ösdürýär diýen jogap bilen çäklenip bilmeris. Oýunda iň esasy hereket onuň strategiýasyna, taktikasyna, garşydaşyň oňaýly taraplaryny hasaplamak, hereketlerini çaklamak we şuňa meňzeşler bilen baglydyr. Tennis, ähli myşsa toparlaryny diýen ýaly gowy ýagdaýda saklamaga kömek edýär. Dem alyş we ýürek ulgamlaryny, gan aýlanyş işini, kislorod ýetmezçiligini, gözüň görejini gowulandyrýar we ýaş bilen baglanyşykly gaýra üzülmeleriň öňüni almaga ýardam berýär. Tennis iň howpsuz sport görnüşleriniň biridir.