Bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk

2 gün öň
33

Her bir halk öz medeniýetiniň, sungatynyň özboluşlylygy, ýeten kämillik derejesi bilen tanalýar. Muňa Milli Liderimiziň halkymyzyň taryhynyň we medeniýetiniň gadymy köklerinden we aýratynlyklaryndan söz açýan «Hakyda göwheri» atly kitabyny okanyňda has-da aýdyň göz ýetirýärsiň. Gahryman Arkadagymyz taryhda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimiziň gahrymançylygyndan, edermenliginden nusga almak, olaryň merdi-merdanalygyny, pähim-parasatlylygyny dünýä ýaýmak boýunça bimöçber uly işleri durmuşa geçirip, halkymyzyň däp-dessurlaryny, medeniýetini inçelik bilen duýmagy başarýan, onuň barha ösmegi üçin goşandyny goşjak nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekligi häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň biri hökmünde kesgitleýär. Bu möhüm wezipäni ýerine ýetirmekde Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Täze kitabyň söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde bellenilýän ýylynda elimize gowuşmagy ildeşlerimiziň her biriniň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Bu kitaby okap, pederlerimiziň müňýyllyklaryň jümmüşinde döreden, kämilleşdiren, baýlaşdyran medeniýetiniň çuňňur pelsepä ýugrulandygyna doly göz ýetirýärsiň. Her bir milli ýörelgäniň, ruhy däp-dessuryň manysynyň, nazaryýetine siňdirilen pelsepewi mazmunyň biziň pikir edişimizden we çaklaýşymyzdan hem çuňdugyna düşünýärsiň.

Gahryman Arkadagymyzyň çeper söz ussatlygy, pähim-parasatlylygy biziň üçin görelde mekdebidir. Bize şeýle ajaýyp eseri sowgat edendigi üçin Milli Liderimize ak ýürekden alkyş aýdýarys.

Gunça MEŞŞEWA,
welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.
Beýleki habarlar