Nesilleriň arasyndaky köpri

1 gün öň
56

Türkmen halky gymmatly mirasyny nesilden-nesle geçirip, aýawly saklap gelýär. Milli we ruhy baýlyklarymyz bir bitewi ulgam bolup, olaryň birnäçesi dünýäniň gymmatly medeni mirasynyň genji-hazynasy hökmünde tanalýar. Halkymyz kitap okamagy, bilim we ylym öwrenmegi ruhy ösüşiň, halal durmuşyň we ýagty geljegiň özeni hasaplaýar. Kitaplar diňe bir şahsy ösüşiň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä düşünmäge we pikiri giňeltmäge kömek edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly eseri hut şeýle ähmiýete eýe kitaplaryň biridir.

Kitapda türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan uly goşandy we taryhy orny ylmy esasda beýan edilýär. Şeýle-de meşhur serkerdeleriň, şalaryň, soltanlaryň hem-de beýik şahsyýetleriň durmuşy we olaryň türkmen topragynyň taryhyna goşan goşantlary giňden açylyp görkezilýär.

Amangeldi JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar