Okuwda gollanma, durmuşda ýörelge

1 gün öň
56

Bir hakykat bar: Gahryman Arkadagymyz täze eserinde milli mirasymyzy, köneden gelýän gymmatlyklarymyzy hakyda göwheri hökmünde derejelendirýän hem bolsa, biz — ýaş nesiller üçin eseriň hut özi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga, hakydalaryň göwherine öwrüldi.

Bu eser okuwda gollanma, durmuşda ýörelge. Ol — nesilleriň arasyndaky baglanyşyk. Çünki şu günleriň we ertirleriň derejesi geçmiş bilen ölçenilýär. «Hakyda göwheri» bolsa bize nähili beýik geçmişimiziň bolandygy barada gürrüň berýär. Bu pikir Gahryman Arkadagymyzyň täze eserindäki «Taryh şu günden başlanýar» atly bölümde hem öz beýanyny tapýar.

Leýli BATYROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar