Döwletlilik taglymaty

2 gün öň
48

Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda geçmeginde uly many bar. Munuň özi türkmen edebiýatyna, medeniýetine, şygryýetine goýulýan bimöçber hormatyň nyşanydyr. Dünýä halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanyp, türkmen edebiýatyny äleme äşgär eden beýik söz ussady her bir türkmeniň kalbynda, aňynda mydamalyk orun aldy. Akyldaryň halkyň söýgüsine mynasyp bolan ajaýyp eserleri ýaş nesilleri terbiýelemekde mekdep bolup hyzmat edýär. Magtymgulynyň edebi mirasy, akyldyr paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri adamkärçiligiň, ahlagyň, mertligiň, salyhatlylygyň, watançylygyň, ynsabyň ölçegi bolup asyrlarboýy ýaşap gelýär. Dünýä halklarynyň arasynda hem gymmatly eserleriniň uly gyzyklanma döretmegi nusgawy şahyrymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilendiginiň kepilidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumdaky çuň manyly çykyşynda: «Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasydyr. Ol öz halkyny, topragyny söýen, ony goramagy we onuň gadyryny bilmegi ündän watançy şahyrdyr. Adamzada abadanlyk islän we onuň dogry ýoluny görkezen beýik akyldardyr. Şahyryň goşgulary nesillerde watansöýüjiligi, ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt üçin, bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp adamlar bolup ýetişmegine ýardam edýär» diýen sözleri akyldar şahyra berlen uly bahadyr.

Pirnepes BÖRIÝEW,
Balkanabat şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.
Beýleki habarlar