Milli senagatyň möhüm pudagy

24 Dekabr 2024
49

Türkmenistan tarapyndan özara bähbitli we deňhukukly esasda milli we halkara taslamalara badalga berilmegi ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini berkidýär. Uglewodorod çig malynyň uly gorlarynyň özleşdirilmegi ykdysadyýeti depginli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysadyýeti diňe uglewodorod serişdelerine bagly bolman, Garaşsyzlyk ýyllarynda gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmäge uly üns berildi. Bu bolsa önümçilik senagatynyň pudaklaýyn düzüminiň köpdürlüligini üpjün edýär we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarynyň üýtgäp durýan şertlerine baglylygyny peseltmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda eksporta gönükdirilen we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek ugry bolan gaýtadan işleýän pudaklaryň hatarynda himiýa, nebitgaz himiýasy ugurlaryna hem möhüm orun degişlidir.

Soňky ýyllarda gurlup ulanmaga berlen iri himiýa desgalary — Garabogazdaky ammiak we karbamid zawody, Gyýanlydaky polimer zawody, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawod hem-de beýleki köp sanly desgalar aýdylanlara doly güwä geçýär. Türkmenistan Garabogazköl aýlagynyň we ýerasty ýod-brom suwlarynyň, kristal we ýerüsti duzlaryny öz içine alýan gidromineral çig mal ätiýaçlyklary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň binýadynda ýyllyk kuwwatlylygy 21 müň tonna deň bolan biaksial ugurly polipropilen örtügini öndürýän täze önümhana bu ugurda içerki islegleri kanagatlandyrmaga we polimeriň daşarky bazarlara iberilýän möçberini ýokarlandyrmaga düýpli itergi berdi.

Orazgylyç ORAZGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar