Bazar bolçulygy — il-günüň şatlygy

23 Dekabr 2024
72

Oňa göz ýetirmek isleseň, edil şu günki gün ýurdumyzyň bazarlaryna we söwda merkezlerine baraýmaly. Ýylyň ähli paslynda-da rysgal-bereketden paýly halkymyzyň Aýazbabadyr Garpamygy, akja gardyr şöhle saçýan arçalary bize sowgat berýän Täze ýylyň öňüsyrasynda has hem şähtleri açyk, ruhlary belent.

Ýüzleri gülüp duran ildeşlerimiz biri-birine mähribanlyk bilen ýüzlenip, nirede nämäniň barlygy bilen gyzyklanýarlar. Töwerekden: «Tüweleme, hemme ýerde-de zatlar bol. Döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun! Arada teleýaýlymdaky ähli zatlar bol we elýeterli bolmaly diýen sözlerini eşidip, gaty begendik» diýlen buýsançly sözler ýaňlanýar. Bu sözler hormatly Prezidentimiziň 29-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisini biygtyýar ýadyňa salýar. Şonda ýurdumyzyň söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer dekabryň 5-inden başlap, baýramçylyk söwdalary üçin ýurdumyz boýunça 850-den gowrak göçme söwda nokatlaryny guramaklygyň göz öňünde tutulýandygy baradaky hasabat bilen çykyş edipdi. Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň bazarlaryny we söwda nokatlaryny azyk harytlary, gök, bakja we miwe önümleri bilen ýeterlik üpjün edip, ilatyň islegini doly kanagatlandyrmak barada tabşyryk beripdi. Azyk önümlerine diýseň bol bazarlarymyz we söwda merkezleri il aladasynyň tüýs ýerine düşendigini tassyklaýar.

Ogulbeg JUMAÝEWA,
«Nesil».
Beýleki habarlar