HASAP WE NETIJE

21 Dekabr 2024
112

Adamlar şeýle bir hasapçyl bolupdyr. «Hasaply dost uzaga gider» diýilýär, hernä şeýle bolsun‐da, ýöne bu hasaplardaky dostlugyň garasyny görmek we ýürekleri barlamak üçin iň soňky enjamly mikroskoplary ulanaýmasaň, adaty gözüň aldap, arassa duýgunyň hem ýalňyşdyraýmagy mümkin.

Okuwçy döwrümiz hasap mugallymymyz «Adamyň bir güni hem hasapsyz geçmeýär. Biziň her bir aýdýan, aňlaýan zadymyzda hökman sanlar ulanylýandyr» diýerdi. Ondan bäri ýyllar geçdi. Dogrudan hem, sansyz‐hasapsyz gün ýok eken. Hasapsyz zat hem ýok eken. Ýöne, käbir adamlaryň hasaby welin, egnimizdäki perişdeleriň hasap depderinden hem has galyň görünýär. Olar ömürlerinde bolan her bir öýkäni, kinäni özleriniň nähak düşünendigine garamazdan, şo-ol belläp gidip otyr, ýazyp gidip otyr. Beýle hasapçylar, durmuşyň geçirimli adamlara çynlakaý gülüp bakýandygyny unudýan bolara çemeli.

Rahmet GYLYJOW
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory
Beýleki habarlar