«ÄHLI ŞYGYR ÄLEMINIŇ WEPALY HYZMATKÄRI»

20 Dekabr 2024
89

Magtymguly Pyragynyň kämil döredijiligi halkymyzyň kalbynda mynasyp orun eýeleýär. Beýik akyldar şahyrymyz ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny akyl eleginden geçirip, edebiýatymyzyň baýlaşmagyna ägirt uly goşant goşan şahsyýetdir. Dünýäniň danasy, şygryýet äleminiň şamçyragy, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary dünýä edebiýatynyň genji-hazynasy, adamzat parasadynyň düri hasaplanýar. Şahyryň döredijilik dünýäsine älem-jahan ýaly çäksizlik, pähim-parasadyna umman ýaly çuňluk, tereňlik mahsusdyr.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň «Halypam» atly şygrynda: «Zehinli şägirdiň bu gün ýüzlerçe» – diýip belleýişi ýaly, her bir ýazyjy-şahyr, her bir döredijilik bilen meşgullanýan ynsan Magtymguly Pyragyny özüniň halypasy hasaplaýar. Goşgularynyň birinde Pyragynyň iň uly halypasy hökmünde hormatlaýandygyny nygtaýan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow bolsa onuň heýkeliniň öňünde şygyr okamagy hem uly mertebe, uly jogapkärçilik hasaplaýar.

Bägül GELDIÝEWA
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar