BELENT YKRARNAMANYŇ HORMATYNA

20 Dekabr 2024
86

Ir säher bilen oýanyp hereket etmegiň, mümkin bolsa, ylgamagyň haýry dogrusynda dünýä metbugatynda müňlerçe makalalar bar. Olaryň ählisinde-de bir pikir: munuň saglygymyz üçin örän peýdalydygy goldanylýar. Ýöne irdenki hereket dagda bolsa, munuň peýdasyny göz öňüne getirip görüň! Daglylaryň tekiz giňişlikde ýaşaýanlardan has sagdyn, has daýaw bolýandygyny bilýänsiňiz. Edil şolaryň ýaly duýgular özüň daga çykanyňda hem kalbyňda peýda bolýar. Noýabryň ikinji gününde paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň 6 müňden gowragy ir säher bilen şu duýgulary başdan geçirdiler.

Mälim bolşy ýaly, şol gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň teklibi we öňbaşçylyk etmegi bilen Köpetdaga merjen monjuk düzüp oturan Saglyk ýolundan geçildi. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamany kabul etmeginiň hormatyna geçirildi. Adamzady hemişe parahat ýaşamaga çagyrýan, bu maksadynda-da sporty esasy gural edinýän ýurdumyz täze ykrar edilen başlangyjy bilen täze sport ýaryşynyň döredilmegini gazanyp, adamzady jebisleşdirmekde möhüm ädimleriň ýene birini ätdi. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýratyn görelde görkezýär. Bu beýik göreldä eýerýän halkymyz, esasan hem ýaşlar Saglyk ýolunyň menzillerini agzybirlik bilen geçýärler.

Oguljan ILAMANOWA
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar