Mertligiň milli mekdebi

18 Dekabr 2024
88

Golaýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň serkerde-mugallymlary we harby talyplary hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ak pata bermeginde açylyp ulanylmaga berlen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde tanyşlyk we özara tejribe alyşmak maksady bilen medeni gezelençde boldular.

Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplary ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän harby mekdebiň täze, döwrebap binalar toplumynda kämil watançy nesli kemala getirmek üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Harby mekdebiň okuw we dolandyryş binasynda ýerleşdirilen Berdimuhamet Annaýewiň eli kitaply, harby lybasly heýkeli parahatçylyga, ylym-bilim almaga, watansöýüjilige çagyrmak bilen, Watan goragçylarynyň ruhuny belende galdyrýar. Watançy esger Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoluna bagyşlanan interaktiw muzeý, elektron kitaphana, okuw otaglary harby okuwçylaryň zehinlerini ösdürmekde, häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyklykda, döredijilikli pikirlenýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Mergen MERDANOW,
TDBGI-niň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyby.
Beýleki habarlar