Durnukly ösüşiň möhüm talaby

18 Dekabr 2024
97

Häzirki wagtda durmuşyň ähli ugurlarynda, şol sanda bilim ulgamynda hem giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Çünki ilatyň ýokary bilim derejesi islendik döwletiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Milli bilim ulgamynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen beýleki möhüm wezipeleriň hatarynda, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylan işleri-de görkezmek bolar. Ýaşlarymyzda baý mirasymyzy, taryhymyzy, medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy we milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge bolan gyzyklanmalar barha artýar. Her ýylyň 1-nji sentýabrynda täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, birinji synpa gadam basýan çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterleriň sowgat berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Öwrediji programmalar bilen üpjün edilen noutbuk kompýuterleri innowasion sanly tehnologiýalary özleşdirmekde ilkinji ädimlerini ädýän kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryna bu ugurdaky sowady ele almaga mümkinçilik berýär.

Bilşimiz ýaly, bu günki günde sanly ulgama geçmek döwrüň talabyna we zerurlygyna öwrüldi. Hut şonuň üçin-de ýurdumyzyň mekdeplerini degişli enjamlar bilen üpjün etmek, bilimiň tehniki ösüşini gazanmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ähli orta mekdepleriň arasynda «elektron mekdep» ulgamy işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi iň döwrebap sanly usullary ulanmak arkaly, okuw-terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Milli «eMekdep» platformasy her bir okuwçynyň şahsy ösüşine syny hödürleýär. Ýörite programmalaryň, enjamlaryň we algoritmleriň kömegi bilen mekdep okuwçylarynyň sapaklaryna gatnaşygy, ýetişigi ulgamlaýyn esasda içgin derňelýär. Haýsy mekdep derslerine çaganyň has gyzyklanma bildirýändigi kesgitlenilýär. Mugallym her bir okuwçy üçin şahsy pedagogik çemeleşmäni işläp taýýarlaýar. Şeýle-de «elektron mekdep» ene-atalara mobil goşundysy arkaly SMS ýa-da onlaýn mälim etme görnüşinde maglumat almak bilen, diňe bir çagalarynyň bilim almak işine gönüden-göni gözegçilik etmäge däl-de, eýsem, mugallymlar bilen uzak aralykdan aragatnaşygy ýola goýmaga-da mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda bilim bermegiň däp bolan görnüşleridir usullaryny döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň giň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrýan ygtybarly «eMekdep» ulgamynyň doly ornaşdyrylmagy ýaş nesilleriň bilim derejesiniň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Annagül ORAZBERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 78-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar