Belent maksatlar rowaçlanýar

15 Dekabr 2024
189

Ösüşiň berk binýady ylym-bilim bolup durýar. Ýurdumyzda ylym-bilimiň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň wajyp şertine öwrülýär, ähli ulgamlarda sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar, kuwwatly, ýokary derejede ösen, bäsdeşlige ukyply, ylmy esasly önümçilikler ýola goýulýar. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi bu ugurda işlemek üçin hukuk binýadyny döretdi. Onuň aýry-aýry maddalarynda bilimiň ähli derejelerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň möhüm meselelerine orun berilýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanyp, işlerimizi talabalaýyk guramaga çalyşýarys. Şu maksat bilen ýakynda Aşgabat şäherindäki 129-njy orta mekdepde maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda bilimiň mazmunyna, okatmagyň usulyýetine täzeçe garamak, bilim babatda umumy maksatlara ýetmegi çaltlandyrmak boýunça esasy strategik özgertmeleri we gurallary kesgitlemek, bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, bilim edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini sanly tehnologiýalaryň, döwrebap laboratoriýalaryň, onlaýn meýilnamalaryň, bilim bermegiň garyşyk görnüşleriniň hasabyna gowulandyrmak boýunça nygtap geçdiler. Ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginlerde ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi bilen baglylykda, bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini, eMekdep dolandyryş ulgamynyň ornaşdyrylyşyny kämilleşdirmek we bu babatda öňde duran wezipeler, innowasion pedagogik usullary peýdalanyp, çagalara ýokary hilli bilim-terbiýe bermek, önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmek, mekdep okuwçylaryny hünärlere gözükdirmek, hünär ugurly okuwlaryň guralyşyny hem-de hilini ýokarlandyrmak, umumybilim edaralarynyň önümçilik bilen jebis arabaglanyşygyny üpjün etmegiň wezipeleri hakynda hem pikir alyşdylar.

Hurma SAPARDURDYÝEWA,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar