«Açýas Watan üçin hazyna baryn...»

11 Dekabr 2024
209

Her ýylyň dekabr aýynda Garaşsyz Watanymyzda uly ruhubelentlik bilen bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli bu ugurda zähmet çekýän zenanlaryň waspyny ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutyna bardyk. Bizi garşy alan geologiýa bölüminiň başlygy Annadurdy Meretgeldiýew bölümiň gaz känleriniň geologik-mowzuk barlag we taslamalaşdyryş barlaghanasynyň müdiri Aýjemal Ezizowanyň köp ýyllardan bäri işläp, göreldeli zähmeti bilen tanalýandygyny, bu ugurdan ylmy iş bilen meşgullanýandygyny aýdyp, bizi ol zenanyň ýanyna alyp bardy. Iş stolunyň başynda oturan orta boýly, çepiksije zenan mähribanlyk bilen salam berip, bize-de oturmagy mürähet etdi.

Onuň bilen söhbetdeşligimiz uzaga çekdi. Aýjemal orta mekdepden soň Türkmen döwlet politehniki institutyna (häzirki Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) okuwa girýär. Bu ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, geofizik hünärini ele alýar. Manyly ömrüniň agramly bölegini Döwletabatda gaz ýataklarynyň özleşdirilişine bagyş edip, gözleg-barlag işlerine gatnaşan, gaz kondensatly käniň işlenip taýýarlanylmagyna uly goşant goşan Baýmyrat aga gyzynyň bu ugry saýlap alanyna az begenmeýär. «Aýjemal, gyzym, seniň ata kesbini saýlap alanyňa depäm gök direýär, bu käriň hötdesinden geljegiňe ynanýan. Kesbiňden kemal tap!» diýip, ýaş hünärmene ak pata berip, ilkinji zähmet ýoluna — «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutyna ugradýar. Kakasy, tejribeli hünärmen Baýmyrat Gurdowyň türkmen topragynyň tebigy baýlyklary, olary gözläp tapmagyň we gazyp almagyň ýollary baradaky gürrüňleri bilen ulalan Aýjemal bu işe ähli ukyp-başarnygyny sarp edýär. «Birinji derejeli geofizik», «Esasy geofizik» diýen derejeli hünärlere eýe bolýar. Ýaş hünärmeniň yhlasly zähmeti, ukyp-başarnygy göz öňünde tutulyp, oňa ilki gorlary hasaplaýjy toparyň, soňra geologiýa bölüminiň gaz känleriniň geologik-mowzuk barlag we taslamalaşdyryş barlaghanasynyň ýolbaşçylygy ynanylýar. Tejribeli hünärmen Aýjemal Ezizowa asylly hem jogapkärli işi barada şeýle gürrüň berdi:

Keýik AHMEDOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar