Ýaşyl donly, ýagşy niýetli Täze ýyl

11 Dekabr 2024
309

Ata-babalarymyzyň arkama-arka üns beren we ýagşy niýetler bilen garşy alýan Täze ýyly — 2025-nji ýyl müçenama boýunça ýylan ýyly hasaplanýar. Gündogar müçe ýyllary tebigaty, reňki, häsiýeti, sany boýunça häsiýetlendirilýär. Geljek 2025-nji ýyl tebigaty boýunça daragt bolup, reňki boýunça ýaşyl, häsiýeti boýunça Paýhas ýyldyzynyň aşagynda doglan, sany boýunça hem dokuzlyk hasaplanýar. Senenama boýunça 2025-nji ýyly hepdäniň çarşenbe güni çalşyp, ekabyry Merkurin (Atored) ýyldyzy hasaplanýar. Bu barada orta asyrda ýaşan Hoja Abdylkerim Termizi şeýle beýan edýär:

«Täze ýyl çalşygy çarşenbede gelse, ekerançylyk we bakjaçylyk gülläp öser. Ol ýyl dünýä inen perzent alym, mugallym, tebip, lukman bolup ýetişer. Çalt pikirlenmäge ukyply bolar». Ýylan paýhasy we owadanlygy boýunça zenan maşgala degişli. Tebigat bilen sazlaşykly ýaşan ene-mamalarymyz gowy edilen işe «Ýylanyň damagyndan çykan ýaly nepis» diýipdirler. Gyz maşgalanyň owsun atyp duran saçyny şamara deňäpdirler. Keşdeçilik sungatynda hem ýylanlaryň ady bilen bagly nagyşlar bar.

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar