Abadançylygyň binýady

11 Dekabr 2024
118

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy boýunça esaslandyrylan 12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni dünýä halklaryny ynsanperwerlige, beýik maksatlara birleşdirmäge, parahatçylygy hem-de dostlugy dabaralandyrmaga gönükdirilendir. Bu belent maksatlar bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde üstünlikli amala aşyrylýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz şeýle belent hukuk ýagdaýyna eýe bolan ilkinji günlerinden bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda BMG-niň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýar. Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistan gysga taryhy döwürde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň täze netijeli ýollaryny we ugurlaryny kemala getirmek babatda nusgalyk tejribe toplady.

Sähra BATYROWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar