Durmuş goraglylygynyň hukuk kepillikleri

6 Ýanwar 2021
2048

Ýurdumyzda ata-babalarymyzyň agzybirlik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Bu ýörelgeleriň jemgyýetçilik gatnaşyklarynda giň gerim almagyna, adamlaryň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ilatymyza ýaşaýyş jaý we durmuş hyzmatlary (saglygy goraýyş, bilim ulgamlary boýunça), azyk bolçulygy, tebigy gazyň, elektrik togunyň, arassa agyz suwunyň we nahar duzunyň bahalarynyň elýeterliligi boýunça hukuk kepillikleri döredilýär. Ata-babalarymyzyň durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ahlak ýörelgelerinden ugur alnyp kämilleşdirilýän kanunlar milli bähbitleriň goraglylygyny üpjün edýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli özgertmeleriniň özenini, ýagny adam we onuň eşretli ýaşaýşy baradaky belent maksatlaryny şöhlelendirýär.

Döwletimizde her bir adamyň durmuş goraglylygyny kepillendirýän, ynsanperwerlige ýugrulan kadalar Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alýar. Esasy Kanunymyzyň 54-nji maddasynda raýatlaryň ýaşy boýunça, näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren, işsiz galan halatynda we gaýry kanuny esaslar boýunça durmuş üpjünçiligine hukugynyň bardygy beýan edilýär. Mundan başga-da ýaş we köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara, şeýle-de döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goramagyň hatyrasyna saglygyny ýitiren adamlara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldawlaryň we ýeňillikleriň berilýändigi berkidilýär.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar