Taryhyň täsirli beýany

4 Dekabr 2024
230

Kitap köňüllere barýan ýodany yzarlaýar. Çünki onuň üleşýän ruhyýeti bilen her bir köňülde orun tapmak mümkin. Kämil zehiniň, ýörgür döwet galamyň eýesi türkmen halkynyň Milli Lideriniň döredýän her bir eseri möhüm aýratynlygy özünde jemleýär. Şeýle ajaýyp eserleriň yzynyň dowamly ýetirilip durulmagy bolsa, halkymyz, galyberse-de, tutuş adamzat üçin iňňän ähmiýetlidir.

«Hakyda göwheri» — Gahryman Arkadagymyzyň çuň mana beslenen şeýle at bilen ýakynda çapdan çykan täze ajaýyp kitaby turuwbaşdan giň okyjylar köpçüliginiň söýgüsine eýe boldy. Munuň şeýledigine, öňňin, has takygy, 3-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen, bu täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynda edilen buýsançly çykyşlar, şeýle hem ýerine ýetirilen edebi-sazly kompozisiýalardyr ýaňlanan aýdym-sazlar hem doly güwä geçýär. Medeniýet işgärleridir bagtyýar talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen, bu dabaraly çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza täze ajaýyp eserini peşgeş bermeginiň il-ulusymyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, beýik taryhymyza, milli mirasymyza bolan belent söýginiň özboluşly dabaralandyrmasyna öwrülendigini buýsanç bilen nygtadylar.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar