Adam. Jemgyýet. Kanun.

4 Dekabr 2024
147

Maşgala hukuklary we borçlary

Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde är-aýalyň şahsy hukuklarynyň we borçlarynyň kanuny kadalary düzgünleşdirilendir. Kodeksiň 49-njy maddasyna laýyklykda är-aýalyň hukuklary we borçlary RÝNÝ edarasynda nika baglaşylmagynyň döwlet tarapyndan bellige alnan pursatyndan ýüze çykýar. Kodeksiň 50-nji maddasynda bellenilişi ýaly, är-aýalyň maşgala gatnaşyklarynda deň şahsy emläk däl we emläk hukuklary we borçlary bardyr. Şeýle hem eneligiň, atalygyň, çagalary terbiýelemegiň, olaryň biliminiň meseleleri we maşgala durmuşynyň beýleki meseleleri deňlik ýörelgesinden ugur alnyp är-aýal tarapyndan bilelikde çözülýär.

Beýleki habarlar