Tebigatyň döreden «Eserleri»

28 Noýabr 2024
268

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyza gelip gören syýahatçylar, gadymy topragymyzy ylmy taýdan öwrenen hünärmenler bu mekanyň «tebigatyň zehininden dörän» täsin eserlere baýdygyny aýdýarlar. Taýsyz gymmatlyk hökmünde garalmagy netijesinde asyrlaryň, hatda müňýyllyklaryň şaýady bolan täsinliklere bu günki gün Zeminiň alymlarynyň ünsi gönügýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen köpugurly gatnaşyklarynda tebigatyň goraglylygyna aýratyn orun degişli bolup durýar. Şeýle täsinlikler mekany Balkan welaýatynyň çäginde-de kän. Olaryň arasynda Akpatlawuk we Gökpatlawuk palçyk ýanardaglary aýratyn özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek bilen baglanyşykly işlere badalga berlendigi bu tebigy gymmatlyklarymyzyň ylmy taýdan hem ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň wekillerinden, biologiýa, geografiýa we geologiýa bilen baglanyşykly iş alyp barýan alymlardan, ýurdumyzyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň işgärlerinden we Hazar deňzi institutynyň wekillerinden düzülen ýörite toparyň ol ýerlerde iş saparynda bolmaklary bu işiň ýakyn wagtlarda öz miwesini berjekdigine ynamy berkidýär.

Alymlar Hazar deňziniň kenar sebitlerinde ýerleşýän Akpatlawuk we Gökpatlawuk ýanardaglarynyň baryp on-on iki million ýyl öň, gadymy Tetis deňziniň kiçelmegi sebäpli dörändigi baradaky pikiri öňe sürýärler. Diňe şu ýagdaýyň özi-de olary ylmy taýdan öwrenmegiň wajypdygy baradaky pikiri berkidýär. Gaz garyndyly çeşmeleri arkaly üsti ýetirilip durulýan ägirt uly krater köli bolsa diňe bir ylmy taýdan gymmatly bolman, eýsem, gözellik babatda-da deňsiz-taýsyzdyr. Ol Esenguly şäherçesiniň golaýynda ýerleşýär.

Abdylla NURBADOW,
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar