Hormatly Prezidentimiz: «Magtymguly Pyragynyň eserleri dürli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr» diýmek bilen, onuň watançylyk, ynsanperwerlilik, il-halka wepalylyk, belent adamkärçilik düşünjelerine ýugrulan eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetine eýedigini nygtaýar. Merdana halkymyzyň döreden ruhy we medeni gymmatlyklaryny, şol sanda, akyldar şahyryň nusgalyk edebi mirasyny çuňňur öwrenmeklige, ony wagyz etmeklige, şeýle hem ýaşlaryň terbiýesinde ýakyndan peýdalanmaklyga uly ähmiýet berýär.
Gahryman Arkadagymyz özüniň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr ýa-da şahyryň ynsan mertebesi, watansöýüjilik, hoşniýetlilik ýaly gymmatly pikirleri täze türkmen jemgyýeti, şu günki we geljekki nesillerimiz üçin ruhy ýörelgedir».