Sapaly mekanyň şypaly merkezi

21 Noýabr 2024
226

Hazaryň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän deňiz tolkunlarynyň akwatoriýasy, jana ýakymly howasy bilen sazlaşykly utgaşýan kenarynda bina edilen birnäçe ajaýyp şypahanalar, dynç alyş merkezleri myhmanlaryň hyzmatynda. Ýylyň dört paslynda hem ilata şypahana hyzmatlaryny hödürläp, halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize egsilmez alkyşlaryny we hoşallyklaryny buýsançly beýan edýän şypaly merkezleriniň birine öwrülen «Awaza» şypahanasy döwletimiziň durmuş ugurly syýasatynyň miwesidir.

Bu şypahanadaky işler raýatlaryň saglygyny goramaga we dynç almaga bolan «Şypahana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilenleriň berjaý edilişiniň subutnamasydyr. Şonuň üçin hem bu ýere geleniňde, Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly eserindäki: «Ähli babatda nusgalyk täze şypahana — sagaldyş merkezleriniň gurluşygyny biz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndan başladyk, Hazaryň türkmen kenary öz gujagyndaky gapylary gurluşyk üçin giňden açdy. Eýýäm häzirki günde Awaza ýakyn wagtda umumy ykrar edilen halkara syýahatçylyk merkezine öwrüler diýip aýtmagymyz mahabat däldir» diýen sözleriniň durmuş hakykatyna şaýat bolýarsyň.

Maýagül NAZLYÝEWA,
«Awaza» şypahanasynyň okulist lukmany.
Beýleki habarlar