Arkadagly Diýara hoş gelipsiň, Täze ýyl!

2 Ýanwar 2021
1935

Şatlyk-şowhuny her bir öý-ojagy gurşap alýan Täze ýyly garşylamak dabarasy welaýatymyzda hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Esasy dabaralar Balkanabat şäherindäki welaýat kitaphanasynyň öňünde oturdylan welaýatyň baş Täze ýyl arçasynyň ýanynda giňden ýaýbaňlandyryldy. Älemgoşar öwüşgini bilen haýran galdyrýan baýramçylyk meýdançasynda şatlyga beslenen dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar körpeler, medeniýet we sungat ussatlary, talyp ýaşlar agzybirlik bilen gatnaşdylar.

Baýramçylyk mynasybetli guralan teleköpri dabara gatnaşyjylara ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary bilen toý şatlygyny paýlaşmaga, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň adyna baýramçylyk gutlaglaryny beýan etmäge mümkinçilik berdi. Buýsançly ýaňlanan baýramçylyk gutlaglarynda şöhratly taryhymyzda mynasyp orun alan 2020-nji — “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylan köpugurly üstünlikler dogrusynda durlup geçildi. 2020-nji ýyl döwletimiziň iň täze taryhynda milli we halkara ähmiýetli şanly wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda hem hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly, döredijilikli beýik işleri rowaçlyklara beslenip, durmuş-ykdysady özgertmeler üstünlikli amala aşyryldy. Munuň özi döwrebap nusgaly durmuş düzümlerini döretmekde, gurluşyk pudagyny, oba hojalygyny ösdürmekde, hususy pudagyň ykdysadyýetde eýeleýän ornuny has-da giňeltmekde, sanly ulgama geçmekde gazanylan üstünliklerde mynasyp beýanyny tapdy. Tamamlanan ýylda bu ugurlarda iri möçberli tutumlaryň amala aşyrylmagy welaýatymyzyň ilaty üçin ýakymly wakalara öwrüldi.

Nurmämmet HYDYROW.
Surata düşüren Andreý Pakulow, “Balkan”.
Beýleki habarlar