Äpet kerkaw agajy

13 Noýabr 2024
270

Kerkaw kerkawlar maşgalasyna degişli bolup, boýy 3-12 metre ýetýän, daglarda we daşly eňňitlerde ösýän agaçdyr. Daragt mart-aprel aýlary gülleýär we iýul-awgust aýlary miweleýär. Ir bahar kerkaw güllände, tebigat ajaýyp görnüşe eýe bolýar. Daglaryň barmasy kyn bolan ýerlerinde hem ösýän kerkaw agajy dag topragyny berkitmekde we ýuwulmakdan goramakda örän ähmiýetlidir.

Hasar dagy täsinlikleriň hazynasy hökmünde açyk asmanyň astynda dörän tebigatyň muzeýidir. Bu dagyň üstünde düýbüniň sütüni 3 metrden gowrak bolan kerkaw bar. Bu goja kerkawyň ýogynlygy örän täsindir. Sumbar sebitinde ýaşaýan ýaşulular şunuň ýaly ýogyn kerkawa entek gabat gelinmändigini bellediler. Bu kerkawyň boýy 12 metrden gowrak bolup, 11 sany gapdal şahalary ýerleşýär. Gapdal şahalarynyň ýogynlygy 51-98 santimetre çenlidir.

Berdinyýaz AŞYRNYÝAZOW,
Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri.
Beýleki habarlar