Özüniň ölmez-ýitmez döredijiligi bilen dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ady halkymyzyň kalbynda baky ýaşaýar. Akyldar şahyrymyzyň baryp XVIII asyrda saglyk barada aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri, goşgulary bu gün ýaşlarymyzyň durmuş mekdebine öwrülýär.
Magtymguly Pyragy şahyrana döredijiliginde sagdynlygy we ruhubelentligi, sagdyn durmuş ýörelgesini ilkinji orunda goýupdyr. Akyldar şahyr: «Saglygyň gadryn bilgil, hasta bolmazdan burun», «Dürdür bu janyň lezzeti, // Saglyk onuň soltanydyr» diýmek bilen, saglygyň gadyryny bilmegi, ony gorap saklamagy nesihat edipdir. Söz sungatynyň zergäri hasaplanylýan şahyrymyzyň şygyrlarynda päk ahlaklylyk, ruhubelentlik, geljege ýagşy umyt-niýet, adamkärçilik duýulýar.