Aşgabat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty, Merkezi Aziýanyň merjeni bolmak bilen, ösen senagatlaşan şähere öwrüldi we durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň hem-de gaýtalanmajak gözelligiň özboluşly nusgasydyr. Bu gün halkymyzyň buýsanjyna öwrülen Aşgabat 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Şonuň netijesinde Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda şol günden bäri her ýylyň 25-nji maýy Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilýär.
Aşgabat — dost-doganlygyň, parahatçylygyň we abadançylygyň şäheri. Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny Bitaraplyk ýörelgeleri kesgitläp, sebitde we dünýäde syýasy durnuklylygy, abadançylygy, gülläp ösüşi üpjün etmäge, hoşniýetli goňşuçylyk däplerini, dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda dünýä döwletleriniň onlarçasynyň diplomatik wekilhanalary, halkara guramalaryň iş edaralary ýerleşýär. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hereket etmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly ykrar edilýändigini görkezýär.