Owadan durna ýa-da karkara

6 Noýabr 2024
274

Ýurdumyzda düşläp geçýän guşlaryň bir görnüşi owadan durnalardyr. Olaryň guýrugy kelte we erkeginiň hem, mäkiýanynyň hem ýelekleri birmeňzeş bolýar. Aglaba açyk meýdanlarda — sähralarda, batgalyklarda ýaşaýarlar.

urnalar göçýän guşlardyr. Aýry-aýrylykda ikibir bolup gezýärler. Durnalar gyşlajak wagtlary topar bolup, toýnuk gurap, yssy ýurtlara uçup gidýärler. Ýerde höwürtgeleýärler, üç ýumurtga çenli guzlaýarlar. Durnalar ot, miwe, mör-möjekler, ownuk gemrijiler bilen iýmitlenýärler. Durnalaryň bäş urugy, on bäş görnüşi bar. Türkmenistanda üç görnüşi duş gelýär. Biziň ýurdumyzda güýz we ýaz pasyllarynda duşýarlar.

Gülüstan HUDAÝAROWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar