Pikir edip otursaň, ynsan durmuşynda, janly tebigatda gerekmejek, artykmaç zat ýok. Her närsäniň öz ýeri, her ahwalyň öz manysy bar. Bu barlykda söz, ýagny dil ýaşaýyş üçin degirmeniň çarhyny aýlaýan akar suw ýaly, ynsanyň durmuşynyň içinden tutuşlygyna geçip, çarhypelegi aýlaýana meňzeýär.
Ümlüklerden seslere, seslerden sözlere geçen diller bolmadyk bolsa, dünýä gum-gukluk bolardy, ynsanyň içindäki “dünýä” gert baglap, doňup galardy. Adam geçmişden geljege hiç bir yz goýman, tapgyr-tapgyr geçer barardy. Ine, munuň özi dil hakdaky ýönekeý, sadaja pikirdir. Ýöne şu sada pikiriň özi-de “Adam” diýen ägirt düşünjäni akyl ýetirip bolmaz derejede beýgeldýän sözüň bimöçber gymmatyny görkezip durmanmy näme?! Şoňa görä-de, sözüň keramatyna ýüzleý garap bolmaýar. Sözüň miwesi pikir bolýan bolsa, ol çig bolmaly däl. Çig pikir — ruhuň hassalygy. Bişmedik miwä el uzadasyň gelmeýşi ýaly, öçügsi, ýüzleý pikirler hem ünsüňi eglemeýär. Magtymguly Pyragy aýdypdyr-a: “Ýa lal otur, ýa dür saçgyl” ýa-da “Gepin tapyp, ýagşy sözlän,//Misli dür saçan ýalydyr” diýip. Şu jähetden, söz bilen iş salyşmagyň her kime başardýan iş däldigini öz ömrüni çeper söze ýa-da dil ugrundan ylma bagyşlan akylly adamlar hemişe tekrarlaýarlar. Islendik hünäri, işi köp gaýtalaberseň, türgenleşip gidersiň. Emma döredijilik ömür ýoluň başynda ykbal bolup nesibäňden çykýar, zehin adamyň gursagynda ýanyp dogýar.