Göwreliligiň irki möhletlerindäki endikli düşmeleri bolan zenanlaryň gomosistein we gan barlaglarynyň netijeleri

22 Oktýabr 2024
353

Täzegül SARYÝEWA, Täzegül AHMEDOWA, Gunçagül GARAMANOWA, Sonagözel NURGELDIÝEWA, Merjen JARÇYÝEWA
M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň E we ÇSGOYM, akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasy

Akuşerçiligiň wajyp meseleleriň biri – göwreliligi götermezlikdir. Göwreliligi götermezligiň ýygylygy 10-25%-e barabar bolup, olardan 50-70%-i göwreliligiň 12 hepde möhletine çenli, 18-20%-i bolsa göwreliligiň 12-22 hepde aralygyna gabat gelýär. Görşümiz ýaly, göwreliligi götermezligiň ýygy duş gelýän görnüşi – göwreliligiň irki möhletlerindäki düşmeleridir [1, 3, 4]. Götermezlige getirýän sebäpleriň köp sanly bolmagy bilen, ýzygiderli bejeriş-öňüni alyş çäreleriniň geçirilýänligine garamazdan, bu görkezijiler göwnejaý peselmeýärler. Şonuň üçin bu meseläniň üstünde işlemeklik dowam edýär. Alymlar soňky döwürde göwreliligi götermezligiň genetiki faktorlaryna, olardan, esasan, trombofilik we koagulopatik bozulmalara uly üns berýärler [2, 6, 7].

Beýleki habarlar