Beýiniň dermanlyk häsiýetleri we olaryň lukmançylykda peýdalanylyşy

22 Oktýabr 2024
384

Jumadurdy SOPYÝEW, Jeren ATAÝEWA, Hydyr ESENOW
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň mediki biologik üpjünçiligi kafedrasy, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi

Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna giren dermanlyk ösümlikler bu ugurda ýurdumyzda geçirilýän ylmy barlaglaryň esasyny düzýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz» atly ÝUNESKO-nyň klubynyň ýurdumyzda açylmagy bilen dermanlyk ösümliklere, miwelere berilýän üns has hem artdy [1-3]. Ýurdumyzyň biodürlüliginiň esasy bölegini ösümlik dünýäsi düzýär. Farmasewt-prowizorlar üçin biodürlülik ösümlik önümlerinden täze derman serişdelerini almak üçin çig maldyr. Senagatçylar üçin biodürlülik önümleriň täze görnüşlerini döretmek we ösdürmek üçin esasy çeşmedir. Türkmenistanyň çäginde bitýän beýi ösümliginiň hem ähmiýeti bimöçberdir. Olar hakynda halk lukmançylygynda öçmejek yz goýan Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylymlarynyň kanunlary» atly dünýä meşhur kitabynda, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda takyk maglumatlar getirilýär [2-4]. Beýi miwesiniň we onuň ýapraklarynyň kesel bejerijilik we keselleriň öňüni alyjylyk ukybynyň uludygy hakyndaky ylmy maglumatlar edebiýat çeşmelerinde getirilýär [5, 6].

Beýleki habarlar