Beýik akyldaryň parahatçylyk taglymaty

22 Oktýabr 2024
360

Ýurdumyzda 2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek, beýik şahyryň gymmatly mirasyny dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlary öňe sürdi. Munuň özi eserleri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik söz ussadynyň bahasyna ýetip bolmajak pähim-paýhas, döredijilik mirasyny öwrenmäge täze itergi berýär. Şanly senä bagyşlanyp Aşgabatda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny çuňňur hem-de hemmetaraplaýyn öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň hataryna goşulmagy türkmeniň meşhur nusgawy şahyrynyň gymmatly mirasynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň güwäsidir. Şu ýylda «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Kanunlaryň kabul edilmegi milli medeni mirasymyzy aýawly saklamagyň, öwrenmegiň hem-de ony geljek nesillere ýetirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini subut edýär.

Beýleki habarlar