SAGLYK — ÖMRÜŇ BEZEGI

20 Oktýabr 2024
293

Ýurdumyzda ýaňy-ýkynda bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslendi. Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli 9-njy oktýabrda paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, şeýle-de 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp, ulanylmaga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylan täze, kaşaň, owadan binalary buýsanç bilen synlap durşuňa, olaryň halkymyzyň durmuşynda saglyk gönezligini emele getirjekdigi baradaky ýakymly pikirlere berilýärsiň. Saglyk — ömür dowamaty. Bu binalarda alnyp baryljak işlerem ynsan saglygynyň — durmuşyň gözelliginiň goragynda bolar.

Saglyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek, keselleriň öňüni almak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmak, lukmançylyk tejribesine täze anyklaýyş we bejeriş usullaryny ornaşdyrmak ýaly işler ilata halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde ähli mümkinçilikleri döredýär. Gahryman Arkadagymyz Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylyş dabarasyndaky çykyşynda bu barada: «Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär» diýen sözleri bolsa il-ýurt bähbitli, geljegimiziň röwşenligini nazarlaýan şeýle işleriň dowamly boljakdygyna ynamymyzy berkidýär.

Taýýarlan: Rüstem BATMANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar