Halkara teatr festiwaly — ajaýyp sungatyň waspy

20 Oktýabr 2024
452

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeniýetimiz, sungatymyz we edebiýatymyz halkara derejesinde ösdürilýär, şonuň bilen bir hatarda teatr sungatymyz hem täze döredijilik gözlegleri bilen has-da kämilleşdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä halklarynyň köpdürli medeniýetiniň, şeýle hem ruhy ýakynlygynyň kämilleşmegine özboluşly goşant goşjak halkara medeni çäreleriň, festiwallaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şeýle ýokary derejeli halkara medeni çäreleriň hatarynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyny hem görkezmek bolar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öz gözbaşyny gadymy halk döredijiliginiň hazynasyndan alyp gaýdýan türkmen teatr sungatyny dünýä ýaýmakda, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzaýan taryhy-medeni köklerini, milli medeniýetini we edebiýatyny, sungatyny giňden wagyz etmekde Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň ähmiýeti örän uludyr. Munuň özi häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde dünýä halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň oňyn tejribeler we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram edilmegi, şeýle hem Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, Türkmenistan döwletimizde dostlukly ýurtlaryň Medeniýet günleriniň, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi, şonuň bilen bir hatarda, dünýä halklarynyň köpöwüşginli medeniýetiniň we sungatynyň özara baýlaşmagyna ýardam edýän ýokary derejeli iri halkara medeni festiwallaryň, forumlaryň, ylmy maslahatlaryň, sergileriň we beýleki döredijilik çäreleriniň yzygiderli guralmagy biziň her birimizde buýsanç duýgusyny döredýär.

Ogulbike BAÝYMOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar