Goý, güllesin türkmen-gazak dostlugy!

18 Oktýabr 2024
384

Halkymyzda «Dostluk daragty» diýen düşünje bar. Bu düşünjäniň esasynda Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly ýurdumyzda dostlukly hyzmatdaşlyklara uly ähmiýet berilýär. Köp halatlarda myhmanlar bilen dostluk daragtlary oturdylyp, dostluk gatnaşyklarynyň hasam berkemegine ýagşy yrym edilýär. Wagtyň geçmegi bilen şol daragtlar bag bolup, saýa salyp, dowamly gatnaşyklaryň güwäsi bolýar. Gazak dostlarymyzyň ýurdumyzda myhmançylykda bolan günlerinde-de biz hut şeýle duýgulary başdan geçirip, aramyzda bar bolan ýyly gatnaşyklaryň barha berkeýändiginiň şaýady bolduk.

Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri dabaralara beslendi. Döredijilik işgäri hökmünde onuň açylyşyna-da, ýapylyş dabarasyna-da gatnaşmak bilen, berkeýän dostluga buýsandyk. Aslynda-da, Gazagystan goňşy döwletleriň biri bolup, bu gatnaşyklar öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Muny ýurdumyzyň köp ýerlerinde gazak doganlarymyzyň mesgen tutup ýaşaýandyklary bilen hem düşündirse bolar. Aramgähi Balkan welaýatynda ýerleşýän Gözli ata ady bilen belli bolan beýik şahsyýetiň hem ýanýoldaşynyň gazak bolandygyny taryhy maglumatlar tassyklaýar. Seýle hem gazak doganlarymyz bilen tutulýan toýlarymyzda-da, bişirilýän naharlarda-da kän-kän meňzeşlikleriň bardygyny göre-göre gelýäris. Toýdur tomgularda olar hem türkmen halky ýaly, saçaklaryny giňden ýazyp, ony bogursak, gatlakly ýaly çörek önümleri bilen bezeýärler. Sözleýän sözleriniňem agramly bölegi düşnükli. Şeýledigi üçin Medeniýet hepdeliginiň dowamyndaky çykyşlar, ýaňlanan aýdymlaryň sözleri biziň üçin düşnükli boldy. Onda Kurmangazy adyndaky Gazak halk saz gurallary milli orkestriniň çykyşy diýseň täsirli boldy. Bu beýik şahsyýetiň — Kurmangaziniň heýkeliniň Köpetdagyň etegindäki ýadygärlikleriň içinde orun tutmagy gazak halkynyň sungatyna goýulýan hormatdan nyşandyr. Gazak halkyna degişli bolan ýene bir şahsyýetiň heýkeliniň açylmagy mermer paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşdy.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».
Beýleki habarlar