Moskwa duşuşygy: dostluk we hyzmatdaşlyk ruhy bilen

11 Oktýabr 2024
332

Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ulgamlarda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini nazara alyp, Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 7-8-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna amala aşyran iki günlük iş sapary hem ýurdumyzyň GDA döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ygrarlydygyny nobatdaky gezek açyp görkezdi.

8-nji sentýabrda Uly Kreml köşgünde geçirilen GDA-nyň sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem Moskwa geldiler. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin sammite gatnaşyjylary mübärekläp, mejlisiň gün tertibiniň Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny, şol sanda ykdysady, söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygy, dürli pudaklarda täze iri, özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak üçin bar bolan mümkinçilikler, ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar, şeýle hem beýleki möhüm ugurlar boýunça pikir alyşmak bilen bagly meseleleri öz içine alýandygyny belledi. Soňra döwlet Baştutanlaryna söz berildi.

Beýleki habarlar