Beýik akyldaryň heýkeli — Moskwada

10 Oktýabr 2024
310

Häzirki wagta çenli daşary ýurtlaryň birnäçesinde şahyryň ýadygärlikleri oturdyldy we oturdylýar. Diňe Russiýa Federasiýasynyň çäginde dana Pyragynyň dürli ululykdaky heýkelleriniň 3-sine duşmak bolýar. Ozal Stawropol ülkesiniň Edelbaý obasynda, Astrahan oblastyndaky döwlet uniwersitetinde, şol oblastyň Funtowo obasyndaky orta mekdepde görnükli söz ussadynyň keşbi «janlandyrylan» heýkeltaraşlyk eserleri oturdylan bolsa, ýakynda Moskwanyň gözel künjekleriniň birinde-de şahyryň heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy.

M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa döwlet daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynyň öňündäki meýdança dünýä belli akyldarlaryň we edebiýatçylaryň ençemesiniň jemlenip, döwre gurap oturan künjegini ýada salýar. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň başlangyjy esasynda türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragy hem indi ol ýerden orun aldy. Şahyryň heýkeliniň açylmagy mynasybetli bu ýerde ýörite dabara guralyp, ol ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasy tarapyndan söz ussadynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň şanyna dostlukly döwletde geçirilýän baý mazmunly çäreleriň iň esasylarynyň birine öwrüldi. RF-niň medeniýet ministriniň orunbasary S.Perşin, Russiýanyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili M.Şwydkoý, A.M.Gorçakow adyndaky Jemgyýetçilik diplomatiýasyna goldaw bermek boýunça gaznanyň ýerine ýetiriji direktory L.Draçewskiý, Bütinrussiýa döwlet daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynyň baş direktory P.Kuzmin, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýew hem-de beýlekiler çäräniň hormatly myhmanlary boldular. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekillerinden, meşhur sungat ussatlaryndan, sazandadyr şahyrlardan ybarat türkmen wekiliýetiniň sapar bilen Moskwa barmagy bu dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Beýleki habarlar