Gruzin dilindäki neşir tanyşdyryld

10 Oktýabr 2024
288

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň gruzin diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary, Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­syn­da çy­kyş eden­ler şa­hy­ryň goş­gu­la­ry­nyň gru­zin di­li­ne ter­ji­me edil­me­gi­niň di­ňe bir Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga däl, eý­sem, tu­tuş türk­men hal­ky­na hem bil­di­ril­ýän uly hor­ma­tyň ny­şa­ny hök­mün­de ka­bul edi­len­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, soň­ky ýyl­lar­da türk­men-gru­zin gat­na­şyk­la­ry äh­li ugur­lar, şol san­da me­de­ni-yn­san­per­wer ugur bo­ýun­ça saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­ýär. Şol bir wag­tyň özün­de, iki hal­kyň dö­re­di­ji­lik we yl­my in­tel­li­gen­si­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da­ky ede­bi gat­na­şyk­lar has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ýar.

Beýleki habarlar