Yhlas bilen, höwes bilen

9 Oktýabr 2024
435

Men barlamhanada önümiň çig maldan başlanýan ýerinden tä taýýar bolýan tapgyryna çenli gözegçiligi amala aşyrýaryn. Önümçilik binasynda buýan kökünden glisirrizin turşusy emele gelýänçä, oňa işçi-hünärmenleriň agramly zähmeti siňýär. Biz bolsa önümiň öndüriliş tapgyrynyň hersinde degişli barlaglary amala aşyryp durýarys. Barlamhanamyz dürli enjamlar bilen üpjün edildi. Kämil tehnologiýalar arkaly barlag işleri çalt amala aşyrylýar. Wagtyň kiçijik bir ülşi hem iň çylşyrymly barlaglary amala aşyrmak üçin ýeterlidigi bilen haýran galdyrýar. Işler bu ýerde takyk we sazlaşykly guralýar.

Barlamhananyň işinde iş tejribämiziň we bilimlerimiziň artmagyna serbiýaly hünärmenler ýardam berdiler. Öz işine belet, bu ugurdan ýörite bilimli hünärmenler glisirrizin turşusynyň emele gelşiniň dowamynda we önüm taýýar görnüşine geleninde, barlagy çalt we kämil geçirmegi birkemsiz öwretdiler. Men — ýaş hünärmen. Geljekde hem özüme ynanylan wezipäni abraý bilen ýerine ýetirerin. Hormatly Prezidentimize ýaşlara şeýle desgalarda zähmet çekmek üçin iş orunlaryny döredip berýändigi üçin çyn ýürekden alkyş aýdýaryn.

Jahan HOJANEPESOWA,
kärhananyň barlamhanasynyň hünärmeni.
Beýleki habarlar